Ruhabat erabynyň Gurtly obasynda Aşgabat-Abadan magistral ýolunyň ugrunda 4 gatly jaýlaryň ençemesi peýda boldy. Ilkibaşda gurlan 5 korpus jaýlar häzirki wagtda dolulygyna paýlanyp gutarylypdyr. Soňky taýyn bolan 5-6 korpus jaýlara az sanly adamlar göçüp gelipdirler. “Elitka“ atlandyrylýan bu jaýlar ýönekeý halka elýeter däl diýýän ýaşaýjylara hem duş gelse bolýar.