WI-FI-DAN 100 ESSE GÜÝÇLI SIMSIZ ARAGATNAŞYK ULGAMY DÖREDILDI

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan girdeji gazanmaýan inženerçilik birleşigi bolan (IEEE) Elektrik we elektronika inženerleri instituty « indeksli Li-Fi» (Light Fidelity) simsiz aragatnaşyk ulgamyny gurdy. Hünärmenler Li-Fi arkaly maglumat geçiriş tizliginiň Wi-Fi-dan 100 esse ýokary we howpsuzdygyny öňe sürýärler. Bu barada «Tom’s Hardware»-niň onlaýn neşiri habar berýär. Li-Fi bilen Wi-Fi arasyndaky tapawut, bu simsiz aragatnaşyk tehnologiýasynyň maglumatlaryny geçirmek üçin radio tolkunlarynyň ýerine görünýän ýagtylyk diapazonynda elektromagnit tolkunlary ulanylýar. Şeýlelik bilen, adaty yşyk-diodly yşyklar maglumat göteriji hökmünde çykyş edýär we signal kabul edijiler olardan maglumat alyp bilerler. Iş ýüzünde Li-Fi ulanyjylary ýagtylygy duýmazlar, sebäbi 60 gersden ýokary ýygylyklarda ýüze çykýar we adam gözi bilen duýulmaýar
Back to Top