Dertleriň Dermany Isada | Diri Sözler | Türkmençe Wagyz
53. Isa bu tymsaly gürrüň berip bolandan soň, ol ýerden gitdi. 54. Ol Öz dogduk mekanyna gelip, adamlara olaryň sinagogalarynda sapak bermäge başlady. Adamlar Oňa haýran galyp: «Bu Adam beýle danalygy nireden aldyka? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? 55. Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn! 56. Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşamaýarlarmy näme? Onda bu Adam munça zady nireden bilýärkä?» diýişdiler. 57. Şeýlelikde, olar Isany ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamberiň diňe öz ýurdunda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi. 58. Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp gudrat görkezmedi.
Matta 13:53-58
17. Mähelläni
1 view
781
184
2 years ago 01:02:55 1
Dertleriň Dermany Isada | Diri Sözler | Türkmençe Wagyz