Türkmenistanly sungat işgäri Çynara we Türkiýäniň kabak kemaneniň ussady Jafer Nazlybaş “Ýar“

Türkmenistanly sungat işgäri Çynara bilen Türkiýäniň kabak kemaneniň ussady Jafer Nazlybaş aýratyn ähmiýete eýe bolan eseri döretdiler. “Iki döwlet, bir millet” şygary esasynda bir ýere jemlenen iki sungat işgäri “Ýar” (söýgüli) atly aýdymy döredip, halk köpçüligine ýetirdiler. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  internet saýtyna beýanat beren Çynara bu aýdymy türkmen hem-de türk halklaryna sowgat hökmünde taýýarlandyklaryny we bu eseri sanly ulgamda köpçülige ýaýradandyklaryny mälim etdi. Sungat äleminiň iki ussady türkmen we türk halklarynyň doganlyk gatnaşyklaryna goşant goşmak maksady bilen aýratyn ähmiýetli eseri döretdiler. Ussat kabak kemaneçi hem-de TRT-n
Back to Top