TÜRKMENISTAN HAKYNDA «БОЛЬШАЯ АЗИЯ» TELEÝAÝLYMY WIDEO ŞEKIL GOÝBERER
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Большая Азия» teleýaýlymyň arasynda wideo şekil alyş-çalşygy esasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.
Bu hyzmatdaşlygyň çäginde «Большая Азия» teleýaýlymy aýda iki gezek 52 minutlyk wideo şekil görkezerler. Olarda baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ägirt uly ykdysady ösüşleri we ýurduň syýasy üstünlikleri öz beýanyny tapar.
Şertnama Arkadag şäheriniň açylyş dabaralarynyň çäklerinde gol çekildi.