Aşgabadyň meşhur egin-eşik brendleriniň yglan eden utuşly aksiýasy jemlendi 🚗

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, «Altin Yildiz», «Ramsey»,»Colin’s», «Koton», «Koton Kids» we «Mavi» ýaly meşhur egin-eşik brendleriniň dükanlarynyň Türkmenistandaky resmi dileriniň yglan eden utuşly aksiýasynyň jemleýji dabarasy geçirildi. Onda bu dükanlardan söwda edip, aksiýa petegini alan raýatlaryň birnäçesi gymmat bahaly sowgatlara eýe boldular. Baýrak gowşurylyş dabarasy aksiýa petegini alan raýatlaryň gatnaşmagynda, şeýle-de Instagram sosial ulgamyndaky sahypalarynda göni ýaýlymda geçdi. Dabarada müşderiler tarapyndan alnan petekleriň belgisine laýyk gelýän 5000 sany belgi gutuda ýygşyrylyp, baýraklara görä nobatlaýyn çekildi. Çekilen petekleriň belgisiniň eýelerine bolsa degişli baýraklar gowşuryldy. Gowşurylan baýraklaryň hatarynda 10 sany smartfon, 10 sany telewizor, 5 sany kir ýuwujy maşyn, 5 sany sowadyjy we başga-da birnäçe sowgatlar, aýratyn-da aksiýanyň iň uly baýragy bolan «Toyota Corolla» awtoulagy bar. Utuşly aksiýanyň naýbaşy baýragy bolan, 2014-nji ýylda öndüril
Back to Top